25-nji
martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň täze
düzümini düzmek bilen bagly meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan
taslamalaryna seredildi. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm
meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, «Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakynda» Кarara gol çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň düzümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň dokuz orunbasaryndan, on
ýedi ministrden we ýigrimi sany pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysyndan
ybaratdyr.