14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň ýedi aýynda Hökümet tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda degişli hasabatlar diňlenildi, şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsiri sebäpli emele gelen daşarky ýagdaýlara garamazdan, garaşsyz döwletimiziň kabul eden maksatnamalaryna laýyklykda ösmegini dowam edýändigini nygtady.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 5,7 göterim boldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär.
Diýarymyzda bilim we ylym ulgamyny özgertmek, önümçiligi döwrebap ýagdaýa getirmek işleri hem kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda dowam edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Bazar ykdysadyýeti kemala gelýär hem-de nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Ýurdumyzda hususy telekeçiligi goldamak, telekeçileri ykdysady özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek işleri dowam edýär.