28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny
ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de
milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň
taslamalaryna garaldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan
işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.