27-nji
dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyldaky iň soňky, Täze ýyl
baýramynyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise Aşgabat
şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.
Mejlisiň
Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasynyň ýerine ýetiren
işleriniň netijeleri barada habar berdi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany»
diýen şygar astynda geçen 2019-njy ýylyň ýurdumyzyň durmuşynda dürli syýasy,
ykdysady, medeni wakalara beslenip, taryha girendigini belledi.
Mejlisiň
Başlygynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25
ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi mynasybetli, 2020-nji ýyly mynasyp
atlandyrmak boýunça teklipler öwrenildi.
Şu mesele
boýunça bilelikde geçirilen işleriň netijesinde geljek ýyly «Türkmenistan —
Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrmak teklip edildi. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna bäsleşigiň jemleri boýunça kesgitlenen 2020-nji ýylyň
nyşanynyň taslamasy hödürlenildi.
Mejlisiň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň
jemleri barada durup geçdi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, şu ýyl
Ministrler Kabinetiniň 41 mejlisiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 15
mejlisiniň, şeýle hem döwlet derejesinde dürli maslahatlaryň 56-synyň
geçirilendigini aýtdy.
Ministrler
Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, halkara derejesindäki
duşuşyklarda çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş häsiýetli derwaýys
meselelere seredildi. Bu meseleler boýunça döwletimiziň Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyndan ugur alnyp, degişli çözgütler kabul edildi we resminamalara gol
çekildi.