9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Mejlisiň gün tertibine ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler hem girizildi.
Mejlisiň barşynda wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de olaryň işine baha berildi.
Hökümetiň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň hem-de žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.