3-nji
dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli
ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda
ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna,
şeýle hem döwletimiziň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berkidilmegine
gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.