milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
22.08.2022 663 Habarlar

21-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

    Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary harby gullukçylar üçin taýýarlanylýan tagamlaryň ýokumlylyk derejesi we görnüşleri bilen gyzyklandylar.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy toplumyň çäginde Hojalyk müdiriýetiniň harby gullukçylarynyň ösdürip ýetişdiren gök, bakja, miwe, ir-iýmiş we azyk önümleriniň dürli görnüşlerinden ybarat bolan sergini synladylar.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa toplumyň okuw otagyna bardylar.

Gahryman Arkadagymyz Hojalyk müdiriýetiniň ýolbaşçysyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgat berilýän awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.