18-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik
Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda saparda
bolýan parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmen parlamentiniň komitetleriniň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çäkli görnüşde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen
geçirilen duşuşygyň barşynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, iki
ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki
mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkiýe Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy
hem-de wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kanun çykaryjylyk
ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglylykda, alyp barýan
esasy iş ugurlary hem-de wezipeleri, parlamentiň düzümi bilen tanyşdyryldy. Bu
ulgamyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi döwlet ösüşiniň giň gerimli
özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşyny has-da çaltlandyrmaga
ýardam berer.