19-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisi geçirildi.
Onda 9-njy noýabrda Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji
maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk
namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip
taýýarlanyldy. Mejlisiň işine gatnaşmaga köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle-de komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary
diňlenildi. Olarda kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar
berildi.