milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
16.10.2022 409 Habarlar

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.

Gahryman Arkadagymyz ilki bilen köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazarda tutup, bu ähmiýetli ekologiýa çäresine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 

Iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň alyp barýan işleri, olaryň häzirki zaman tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanylyşy barada giňişleýin hasabat berildi.