11-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabatda
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi. Däp bolşy ýaly, oňa ýurdumyzyň
ähli künjeklerinden ýaşlar guramalarynyň agzalary döwrüň wajyp meseleleri
hem-de geljekde amala aşyrylmaly möhüm işleri ara alyp maslahatlaşmak üçin
gatnaşdylar.
VI gurultaýyň mejlisiniň dowamynda
oňa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň
agzalarynyň täze düzümini, onuň ýolbaşçylaryny saýladylar. Guramanyň Merkezi
geňeşiniň başlygy wezipesine Ý.Öwezberdiýew saýlandy, başlygyň orunbasary
wezipesine Ý.Keriýew saýlanyldy.
Gurultaýyň çäklerinde edilen çykyşlarda
bellenilşi ýaly, özünüň öňünde goýulan wezipelere esaslanyp, Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasy öz işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrýar. Biziň
Döwletimiziň giň gerimli üstünlikleri ýaşlarymyzy döredijilikli zähmete
ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasy 1991-nji ýylda döredildi. Şu günki günde ýurdumyzyň bir milliona golaý
raýatlary bu guramanyň agzasy bolup durýar. Olaryň arasynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
ýaş, edermen, maksadaokgunly harby gullukçylarynyň mynasyp orun bardyr.
Däp bolşy ýaly, Watanymyzyň edermen
goragçylary Ýaşlar guramasynyň öňünde duran wezipeleri amala aşyrmak bilen
bagly işlere uly goşant goşýarlar. Biziň ýaş esgerlerimizdir serkerdelerimiz bu
jemgyýetçilik guramasy tarapyndan gurnalýan döredijilik bäsleşiklerinde ýygy-ýygydan
ýeňişleri eýeleýändigi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
«Milli goşun».