TÜRKMENISTANYŇ
IÇERI IŞLER MINISTRLIGINIŇ INSTITUTY
Okuwa girmäge isleg
bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar
berýär
1. Türkmenistanyň Içeri işler
ministrliginiň institutyna içeri işler edaralarynyň işgärlerine bildirilýän
talaplara doly gabat gelýän, orta we orta hünär bilimli, çagyryş boýunça harby
gullugy geçen, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli 26 ýaşy dolmaýan erkek
raýatlar, şeýle hem 18 ýaşdan kiçi bolmadyk we 23 ýaşy dolmadyk zenan raýatlar
kabul edilýär.
2. Şu aşakdaky fakultetlere okuwa
kabul edilýär:
– hukuk fakulteti;
– ýörite edaralar fakulteti;
– ýangyn-tehniki fakulteti;
– içerki goşunlar fakulteti.
3. Dalaşgärleriň resminamalary
ministrligiň institutynyň okuw merkezinde 2025-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli
kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2056-njy (Ş.Batyrow) köçesiniň 9-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-45-17, 36-44-97.