3-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň täzelenen düzüminde mejlisi geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2-nji oktýabrda geçirilen mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň düzümi tassyklandy.
Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, mejlisiň barşynda Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Altynjy Sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.