1. 2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg
bildiren, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny
tamamlanda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn
Türkmenistanyň raýatlaryny giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini
habar berýär.
2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde
okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji
synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň
taryhy dersleri boýunça test ýumuşlary hem-de türkmen dili dersi boýunça
diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
3. Dalaşgärler ýazgyda duran ýerleri
boýunçaetraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna 2023-nji
ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly. Dalaşgärleriň resminamalary ýerli
etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.
4. Dalaşgärler, okuwa girmegiň tertibi
boýunça giňişleýin maglumat almak üçin, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň
harby wekilliklerine ýüz tutup bilerler.
Kabul ediş topary.