Bu baýram döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we dost-doganlyk serhedini gorap saklaýan Serhet goşunlarynyň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän bimöçber aladalaryň aýdyň nyşanydyr.
Eziz Diýarymyzyň edermen serhetçileri!
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 38-nji mejlisinde «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek hakyndaky» bilelikdäki Beýannamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny has-da belende göterdi.
Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagynda Serhet goşunlaryna möhüm orun degişlidir. Siz öz öňüňizde goýlan wezipeleri berjaý etmekde hut şu ýörelgelerden ugur almalysyňyz, gije-gündiz Döwlet serhedimizi ygtybarly gorap, onuň bikanun bozulmagyna hiç wagt ýol bermeli dälsiňiz!
Siziň şu belent borjy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdigiňize, Watana wepalylygyň, harby kasama ygrarlylygyň belent nusgasyny görkezjekdigiňize, türkmen halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we lebzihalallyk ýaly asylly häsiýetlerini harby däp-dessurlar arkaly berkitmekde ukyp-başarnygyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.
Mukaddes Watanymyzyň wepaly ogullary!
Garaşsyz ýurdumyzyň hüşgär serhetçileri!
Watany goramak ýaly mukaddes borjy ilatly ýerlerden has uzaklarda, dürli tebigy şertlerde berjaý edýän serhetçileriň gulluklary nusga alarlykdyr. Olara döwlet tarapyndan hemişe aýratyn üns berilýär. Hut şonuň üçin hem, serhetçileriň göwnejaý gulluk etmegi we olaryň maşgala agzalarynyň döwrebap şertlerde ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Şu ýyl Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Serhetabat serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanmaga berilmegi, hünär baýramyňyzyň bellenýän günlerinde Etrek serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň gurlup, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Biz geçirýän harby özgertmelerimiziň çäklerinde serhetçiler hakdaky aladany hiç wagt ünsden düşürmeris. Serhetçiler hem-de olaryň maşgala agzalary döwletimiz tarapyndan hemişe uly üns-alada bilen gurşalyp alnar. Serhet goşunlarynda gulluk edýän her bir harby gullukçynyň has-da kämil, ýokary derejede taýýarlykly bolmagy üçin olaryň üpjünçiligi ähli tarapdan pugtalandyrylar.
Hormatly serhetçiler!
Sizi ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenýän Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 26 ýyllygy hem-de Serhetçiler güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes harby gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.