26-njy
noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Watan goragçylarynyň güni
mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, şanly sene mynasybetli has tapawutlanan
harby gullukçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak babatda taýýarlanylan
teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň
dowamynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň ýolbaşçylary Watan goragçylarynyň
hünär baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralar hem-de medeni çäreleriň
maksatnamasy barada hasabat berdiler. Şeýle-de goşun bölümlerindäki işleriň
ýagdaýy, ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga we Ýaragly Güýçleriň
kuwwatyny güýçlendirmäge gönükdirilen giň gerimli harby özgertmeleri üstünlikli
durmuşa geçirmek maksady bilen, ugurdaş edaralarda görülýän çäreler barada
hasabatlar berildi.