3-nji noýabrda Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar – oktýabr
aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz döwletimizde
howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini
mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak
boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi hem-de beýleki birnäçe
meselelere garaldy.