2-nji
martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral
aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri
jemlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine türkmen döwletiniň howpsuzlygyny
üpjün etmek, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da
pugtalandyrylmagy we işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler
girizildi.