9-njy
fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de
howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn
binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işlerini kämilleşdirmek
meselelerine garaldy.