3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly
Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine
ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz «Oguzhan» köşkler toplumyndan
çykyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine tarap
pyýadalap bardy.
Döwlet Baştutanymyz ýol ugruna Aşgabat şäheriniň
häkimi Ş.Durdylyýewiň şäherde abadançylygy we arassaçylygy ýokary hilli üpjün
etmek, ekologiýa derejesini talabalaýyk ýagdaýda saklamak hem-de şanly seneleri
mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy mejlisiň geçirilýän ýerine bardy, bu ýerde milli Liderimizi
harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
Mejlisde garaşsyz döwletimiziň durnuklylygyny
saklamaga, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmaga hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli
meselelere garaldy.