2-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp, ýok etmek üçin niýetlenen täze toplumyň açylyş çäresine gatnaşdy, şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.
Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2020-nji ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine hem-de döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meselelerine garaldy.
Toplum paýtagtymyzdan 100 kilometre golaý demirgazykda guruldy. Täze toplumda ýapyk we açyk görnüşli peçleriň 3-si bar. Bu ýerde ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň has netijelidigini we adamlaryň saglygy hem-de ekologiýa üçin howpsuzdygyny bellemek gerek.