6-njy
aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin
mejlisini geçirdi. Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň wezipe-guramaçylyk
meselelerine garaldy, şeýle hem degişli düzümlerde şu ýylyň üç aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we asudalygy
üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.