«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly žurnalyň 4-nji sany çapdan çykdy, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we döwletimiziň milli bähbitlerine ýetmek ugrunda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm wakalaryna çärýeklik syn berilýär.
Daşary işler ministrliginiň jemgyýetçilik-syýasy neşirinde milli Liderimiziň degişli çykyşlary, şeýle hem döwlet işgärleriniň, ýurtlaryň Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň we olaryň düzüm bölekleriniň ýolbaşçylarynyň, belli daşary ýurt diplomatlarynyň, abraýly bilermenleriň we beýleki esasy hünärmenleriň çykyşlarynyň üsti bilen Türkmenistanda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berilýär.