16-njy
dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň
Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat
geçirildi.
Ýygnananlar
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bu iri syýasy
guramasynyň döredilmeginiň şanly senesi mynasybetli, Türkmenistanyň Demokratik
partiýasynyň agzalaryna iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.
Milli
Liderimiziň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň 30 ýyllyk şöhratly ýoly halkymyzyň iň oňat,
ynsanperwer hem-de hoşmeýilli milli häsiýetleriniň, döwleti we jemgyýeti
dolandyrmakdaky ukyp-başarnygynyň ýüze çykan döwri boldy. Bu babatda Demokratik
partiýa halkymyzyň güýjüni jemgyýetiň öňünde duran belent maksatlaryň daşynda
jebisleşdirmekde uly guramaçylyk işlerini ýola goýmaga işjeň gatnaşýar.
Şeýle
hem milli Liderimiziň Gutlagynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň
Watany» ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerde bolşy ýaly,
syýasy-jemgyýetçilik, demokratik-hukuk özgertmelerini amala aşyrmakda-da uly
ähmiýete eýe bolan taryhy ädimleri ädendigi bellenildi.