30-njy iýulda onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky duşuşyk geçirildi.
Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory hanym Maýka Oşikawa ýolbaşçylyk etdi.
Wideomaslahatyň barşynda taraplar türkmen tarapynyň synçy hökmünde amala aşyrjak indiki ädimleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň synçy derejesiniň BSG-niň düzümine goşulyşmaklyga ilkinji möhüm ädimdigini we türkmen tarapynyň synçy döwri, bu gurama we onuň işi bilen ýakyndan tanyşmagy, şeýle hem gurama doly hukukly agza hökmünde goşulyşmak baradaky gepleşikleriň başlamagyna taýýarlyk görmegine mümkinçilik döretjekdigi bellenildi.