«Rysgal»
paýdarlar täjirçilik banky hödürleýän hyzmatlarynyň sanawyny giňeldýär: bu ýerde
«MasterCard» halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak işi tamamlaýjy tapgyra gadam
basdy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi banky ösdürmek, onuň maliýe
durnuklylygyny hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň karz edaralarynyň arasynda
bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar.
Häzirki
döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan
tassyklanylan 2019-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek
Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem hususy ulgamyň kärhanalarynyň we
telekeçileriň işewürlik hem-de maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagy, olaryň
daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňelmegi bilen baglylykda, bu meseleler
aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Ýurdumyzyň banklary tarapyndan
«MasterCard» plastik kartlar arkaly amallar eýýäm köpden bäri geçirilýär.
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynda işe giriziljek ulgamyň aýratynlygy onuň
kömegi bilen Türkmenistanda ilkinji gezek gatnaşyksyz tölegiň tehnologiýasynyň
ornaşdyrylýandygyndan ybaratdyr.
Şeýle kartlaryň artykmaçlygy olary
ulanmagyň amatlylygy, ýerine ýetirilýän amallaryň tizligi we howpsuzlygy bilen
baglanyşyklydyr. Olaryň eýeleri bir basyş arkaly PIN–kody girizmezden,
ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda harytlar we hyzmatlar üçin dessine tölegleri
amala aşyryp bilerler. Munuň üçin gatnaşyksyz tehnologiýalary kabul etmäge
ukyply ýörite töleg terminallary zerur bolup durýar.
Ulanyjylaryň girdejileri we
maksatlary bilen baglylykda, olaryň her biri üçin «MasterCardyň» öz formaty
işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, «MasterCard Maestro» — bu manat plastik
kartydyr. Bu karta onuň eýesiniň zähmet hakyny milli pulda geçirmek göz öňünde
tutulýar. Bu kart 50 manat möçberindäki çägi bellemek arkaly gatnaşyksyz
tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
«MasterCardyň» tehnologik çözgütleri
hödürlenýän hyzmatlaryň üstüni ýetirmek we giňeltmek mümkinçiligine eýedir.
Şeýle çözgütleriň binýadynda «Loýallyk maksatnamasy» ornaşdyrylar. Onda
Türkmenistan boýunça supermarketler we dükanlar ulgamynda satyn alnan harytlar üçin
sowgatlary toplamak göz öňünde tutulýar.
«MasterCard Standard» — bank karty
bolmak bilen, onuň üstüni diňe daşary ýurt pulunda doldurmak göz öňünde
tutulýar. Müşderilere amatly we özüneçekiji hem-de banklar üçin ykdysady taýdan
maksada laýyk bolmagy üçin ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň bankomatlarynda
nagt pullary bir gezek almagyň amatly möçberini bellemek hem-de nagt däl
hasaplaşyklary, internet-tölegleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
«MasterCard Gold» — bank karty
bolmak bilen, onuň üstüni hem diňe daşary ýurt pulunda doldurmak göz öňünde tutulýar.
Ýöne, ol «MasterCard Standard» kartyndan aýda nagt pullary almagyň we nagt däl
hasaplaşyklary geçirmegiň has ýokary çägi bilen tapawutlanýar. Onuň eýesine
geljekde hyzmatlaryň aýratyn görnüşleriniň elýeterli bolmagy bu kartyň goşmaça
artykmaçlygy bolup durýar.
Mysal üçin, özüne saparlary we dünýä
boýunça gezelençleri guramagy, myhmanhanalary seçip almagy we öňünden sargyt
etmegi, petekleri satyn almagy birleşdirýän «Konserž-serwis», tutuş dünýä
boýunça howa menzillerinde, myhmanhanalarda, garbanyşhanalarda, restoranlarda
we dynç alyş ýerlerinde, hatda uçaryň üstünde we beýleki ýerlerde simsiz
internete çäksiz elýeterliligi üpjün edýän «BoinGo Wi-Fi» hyzmatlary elýeterli
bolar.
Öz nobatynda, «MasterCard Platinum»
— «premium derejesindäki» plastik kartdyr. Ol diňe daşary ýurt pulunda üstüniň
ýetirilmegini göz öňünde tutýar. Bu kartyň eýeleri nagt pullary almak hem-de
nagt däl hasaplaşyklar boýunça amallary çäksiz geçirmek mümkinçiligine eýe
bolarlar.
Mundan başga-da, kart ýokarda
agzalanlar bilen birlikde, goşmaça hyzmatlaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagyny göz
öňünde tutýar. Şolaryň hatarynda dünýä boýunça howa menzilleriniň
biznes-zallarynyň elýeterliligini, müşderiniň elektron goldaw gullugyny,
hyzmatlaryň wirtual töleglerini hem-de daşary ýurtlarda kartyň bolmadyk
ýagdaýynda, nagt pullaryň çalt berilmegini göz öňünde tutýan hyzmatlary
görkezmek bolar.
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik
bankynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine (TDH) habar berişleri ýaly,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bank edaralarynyň
öňünde goýan wezipelerinden ugur almak bilen, elektron hyzmatlarynyň sanawyny
giňeltmek boýunça anyk çäreler görülýär.
Hususan-da, häzirki wagtda
«MasterCard» plastik kartlarynyň ähli görnüşlerine tapgyrlaýyn Internet-banking
hyzmatlaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu ulgam şahsy kompýuterleriň kömegi
bilen, tranzaksiýalary geçirmäge, bankomada ýa-da terminala barmazdan
tölegleriň ählisi barada maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. SMS-habar
bermek, bankyň Call-merkezine gije-gündiziň dowamynda elýeterlilik hyzmatlaryny
we beýlekileri üpjün edýär.
Başgaça aýdylanda, müşderi öz
hasabynda duran, bank töleg karty resmileşdirilen pul serişdelerini öýünden,
edarasyndan çykman ýa-da dünýäniň islendik nokadyndaky şypahanada dynç almak
bilen, hepdäniň ýedi gününde, gije-gündiziň 24 sagadynda dolandyryp biler.
Türkmenistanlylar eýýäm elektron
«gapjyklarynyň» we nagt däl hasaplaşyklaryň artykmaçlyklaryna doly derejede
baha bermäge ýetişdiler. Çünki, ulanyjylar - kartyň eýeleri üçin amatlyklardan
başga-da, elektron maliýe hyzmatlary pul geçirimleriniň bahasyny peseldýär we
olaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar.
Elektron pullary — munuň özi
Internet ulgamynda tapylgysyz zatdyr. Olaryň kömegi bilen ulgam arkaly satyn
almak, elektron kitaplary we žurnallary, okuw serişdeleri üçin tölegleri
geçirmek, petekleri sargyt etmek bolýar.
Halkara
plastik kartlary daşary ýurtlara sapara gidýän hünärmenler, şeýle hem daşary
ýurtlara dynç almaga gidýän adamlar üçin örän amatlydyr. Karta pul serişdeleriniň
haýsy walýutada goýlandygyna garamazdan, hyzmatlary we harytlary tölemek üçin
olary şol ýurduň pulunda alynýar.
Konwertasiýa
amaly öz-özünden töleg ulgamynyň ýeňillikli kursy boýunça amala aşyrylar. Kart
ýitirilen mahalynda, ony ýapyp bolýar we soňra kartyň täzesini alyp bolýar.
Şunda pullar hasapda bankyň goramagynda galýar.
Bilermenler
ýakyn ýyllarda elektron töleg serişdeleriniň uly ösüşe eýe boljakdygyny
belleýärler — bu ulgam özbaşdak bazara öwrülýär. Ilatyň anyk girdejileriniň
ýokarlanmagy bilen baglylykda, ýurdumyzda hem elektron pullarynyň meşhurlygy
artýar.
Döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, degişli
düzüm, onuň programma — tehniki üpjünçiligi döredilýär, Türkmenistanda
Internet-söwda ulgamy ýola goýulýar.
Biziň ildeşlerimiziň köpüsi zähmet
haklaryny bank kartlary arkaly alýarlar. Olaryň ählisi tölegleri kabul etmek
boýunça elektron terminallar ulgamynyň ep-esli giňeldilmegini, bankara
gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegini şertlendirýär.
Türkmen banklarynyň esasy daşary
ýurt töleg ulgamlaryna gyzyklanmasy tötänden däldir. Şeýle elektron kartlarynyň
çykarylmagy bank hyzmatlarynyň dünýä ulgamyna goşulyşmaga, bankyň işewürlik
abraýyny belende galdyrmaga, müşderileri çekmäge mümkinçilik berýär. Halkara
maliýe-ykdysady işine gatnaşmak iň täze bank tehnologiýalaryny özleşdirmäge,
ählumumy möçberde hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin ägirt uly düzümden
peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň banklarynyň bu ugurda tejribe toplamagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bank-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kesgitlän möhüm wezipeleriniň biridir.