Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar
Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine
ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde
howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen
bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine
ýetirmek, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, Watan
goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ýylyň
başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda,
nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak, ýaş
esgerleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny watançylyk ruhunda
terbiýelemek boýunça guralýan çäreler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby
doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, döwletimiziň goranmak ukybyny has-da
berkitmek, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini maksatnamalaýyn esasda ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak,
olaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli
işleri alyp barmagyň zerurdygyny aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministrine bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow geçen on
bir aýda kanunlaryň ýerine ýetirilişine, adamyň we raýatyň hukuklarynyň,
azatlyklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barlan işleriň
netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de bu düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak,
prokuratura işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda
görlen toplumlaýyn çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, ýurdumyzda kanunlaryň hem-de beýleki hukuk namalarynyň ýerine
ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we Baş prokurora
birnäçe görkezmeleri berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we
wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow
ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri, şol sanda ministrligi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa
geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
birlikde, düzgün bozulmalaryň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn
howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmek boýunça
görlen anyk çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýangyn we ýol hereketiniň
howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri mundan beýläk-de netijeli dowam
etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet
Baştutanymyz jemgyýetçilik tertip-düzgünini pugta berjaý etmegiň, ýol
hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden
giňden peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe
görkezmeleri berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy
B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran
işleriniň netijeleri, kazyýet işini netijeli guramak üçin öňdebaryjy usullaryň
we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, kazyýet ulgamyny ösdürmegiň
maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak
boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini hem-de raýatlaryň hukuklaryny
goramak, kazyýet ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary
berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak
hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri
N.Atagaraýew şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk
tertibini üpjün etmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň
bilen bir hatarda, ministrligiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmek boýunça alnyp barlan işler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli howpsuzlyk edaralarynyň işini
kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri
dowam etdirmegiň möhüm ähmiýetini belledi we degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy
Ý.Nuryýew geçen on bir aýda Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goragyny üpjün
etmek, serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby
gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, Türkmenistanyň döwlet serhediniň dostlugyň hem-de hoşniýetli
goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gullugyň işine öňdebaryjy
tejribäni ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
gowulandyrmak, ýokary hünärli serhetçileri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtap, bu ugurda degişli tabşyryklary
berdi.
Adalat ministri M.Taganow
raýatlara we edara görnüşli taraplara hukuk hyzmatlaryny amala aşyrýan
düzümleriň işini talabalaýyk üpjün etmek, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işine
sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça şu ýylyň başyndan bäri görlen çäreler
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, milli kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek, hukuk üpjünçiligini
pugtalandyrmak, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça alnyp
barylýan işleriň möhüm ähmiýetini belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy
M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda
gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, döwrebap tehnologiýalary
ornaşdyrmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça
görlen çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyza getirilýän
harytlaryň bellenen talaplara laýyk gelmegine gözegçiligi has-da
kämilleşdirmegi, gullugyň işine täze tehnologiýalardyr usullary ornaşdyrmak
arkaly onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de gullugyň
ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň
başlygy A.Sazakow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda amala aşyrylan işleriň
netijeleri, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine
ýetirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de gullugyň
işgärleriniň netijeli işlemegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler barada
aýdyldy.
Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa kanunçylygynyň
berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan
beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Halkara Bitaraplyk güni
mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň, halkara çäreleriň geçirilýän günlerinde
howpsuzlygy, jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmegiň
zerurdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramynyň ýetip
gelýändigine ünsi çekip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna
degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini
ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan
goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini we bu
işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň abadan
hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly
üstünlikleri arzuw etdi.