Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň
sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly
meselelere garaldy.
Welaýat häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta
hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler
görülýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Welaýatlaryň
bugdaý ekilen meýdanlarynda endigan gögeriş alnyp, häzirki wagtda ösüş suwuny
tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Ýurdumyzyň
hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda dabaraly
çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, baýramçylyk günlerinde
bazarlary we söwda nokatlaryny azyk harytlarynyň dürli görnüşleri bilen bolelin
üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň gowaça
meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri alnyp
barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda degişli
agrotehniki çäreler, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak
maksady bilen, meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Geljek ýyl möwsümleýin
oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary abatlamak işleri geçirilýär. Mary
welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi öz
wagtynda geçirmek ugrunda zerur işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzda
azyk bolçulygyny üpjün edýän esasy pudak hökmünde oba hojalygynyň milli
ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy diwersifikasiýa ýoly
bilen ösdürmegiň, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň
zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara
ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap
almak üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini
agrotehniki kadalara laýyk alyp barmagy, haşal otlara garşy işleri wagtynda
geçirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işlerini talabalaýyk ýola goýmagy we bugdaýdan kadaly gögeriş
almak üçin zerur işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ekiş
möwsümine görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, welaýatlarda täze ýylyň
hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak,
şüdügär sürüminiň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilişine berk
gözegçilik etmek, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny çalt we ýitgisiz
ýygnap almak ugrunda degişli işleri geçirmek, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak
oba hojalyk tehnikalaryny talabalaýyk taýýarlamak üçin häzirden zerur işleri
geçirmek babatda tabşyryklary berdi.
Welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat
ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý
hasyly üçin ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilişine
gözegçilik etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy
mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmek,
baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda gije-gündizleýin nobatçylygy guramak,
bazarlary we dükanlary dürli harytlar bilen bolelin üpjün etmek üçin häzirden
zerur işleri geçirmek tabşyryldy.