13-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredowyň,
Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Mamedýarowyň we
Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn
ýerine ýetiriji Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşde duşuşyk
geçirildi.
Mejlisiň barşynda taraplar üç döwletiň
arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar. Şu
aýyň başynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň
arasynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda
gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada pikirler we maslahatlar
alşyldy. Mälim bolşy ýaly, şol duşuşygyň esasy temalarynyň biri-de, Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe
(«Lapis Lazuli») halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygy
ösdürmek boldy.