11.04.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň 11 ýokary okuw jaýlarynyň talyplary mehanika ugrundan iň güýçli diýen ady almak üçin bäsleşdiler
Türkmenistanyň 11 ýokary okuw jaýlarynyň talyplary mehanika ugrundan iň güýçli diýen ady almak üçin bäsleşdiler
01.04.2021 103 Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (Mary ş.) tarapyndan guralan we onlaýn-formatda geçirilen mehanika boýunça II Açyk olimpiadanyň netijeleri jemlendi.

Jemi 6 birinji, 9 –ikinji we 14-üçünji ýerler berildi. Bäsleşigi guran okuw jaýynyň talyplary iki sany birinji orunlary eýeläp, onuň ýeňijileri boldular. Ýeňijileriň biri – Ýazgeldi Goçmyradow hormat münberiniň iň ýokary basgançagy boýunça öz bäsdeşlerinden ep-esli öňe saýlandy.

Türkmenistanyň oba hojalyk institutynyň (Daşoguz ş) wekilleri 2 birinji orny eýelemegi başardylar. Şeýle hem liderleriň hataryna Türkmenistanyň döwlet Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary girýär.

Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň 11-niň talyplary gatnaşdylar.