Halkymyz Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlikde dabaralandyrdy. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşdy.
Paýtagtymyzda esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Baharyň gelmegi, tebigatyň janlanmagy mynasybetli guralýan we adamlaryň arasynda ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlugy alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan myhmanlar we beýleki adamlar ir bilen dabaralaryň geçýän ýerine ýygnandylar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda bahar baýramynyň dabarasy has-da belentden tutuldy. Nowruz asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten möhüm sene bolmak bilen, ähli halklaryň bagtyýar durmuşynyň we ählumumy gülläp ösüşiň bähbidine berkarar bolan parahatçylyk senasyna öwrüldi.