Şu gün – 28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş
söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli
sportumyzyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy.
Ýaryşyň iki gününiň netijeleri boýunça türkmen türgenleri erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8, jemi 15 agram derejesinde 15 medal gazandylar. Çempionatyň birinji gününde türgenlerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazanmagyň başardylar.Galan 7 medal toplumy ugrunda ýaryşlar şu gün — dünýä çempionatynyň jemleýji gününde geçirildi. Bu çempionatda türkmenistanly türgenler ýene-de 3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň ýygyndy
toparyna altyn medaly Wepa Awlýakulyýew (60 kilograma çenli), Sabina Kadyrowa (78 kilograma çenli) we Daýanç Omirow (81 kilograma çenli)
dagy gazandyrdylar. Türgenlerimiziň 3-si finalda göreşip, Şatlyk Jumanyýazow (73
kilograma çenli), Jahan Muhammedowa (87 kilograma çenli) we 87 kilogramdan ýokary
agramda Sabina Agajanowa çykyşlaryny
kümüş medal bilen jemlediler. 66 kilograma çenli agram
derejesinde çykyş eden Döwlet Hemrakulyýew bolsa bürünç medalyny gazanmagy
başardy.
2023-nji ýylyň dünýä
çempionaty dünýä derejesindäki iri ýaryşlary ýokary derejede geçirmäge ukyply
ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraýyny nobatdaky gezek belende galdyrdy.