03.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistandan ynsanperwer kömegi hökmünde ugradylan ýük Owganystana ýetirildi
Türkmenistandan ynsanperwer kömegi hökmünde ugradylan ýük Owganystana ýetirildi
04.05.2020 125 Habarlar

Ýurdumyzda öndürilen azyk önümleri Türkmenistandan ugradylan ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna ýetirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde ýük ugratmak barada Buýruga gol çekdi.

Owganystanyň Farýap welaýatynyň dolandyryş edarasynyň baştutany we bu sebitiň wekilleri türkmen halkynyň adyndan iberilen kömegi hoşallyk bilen kabul etdiler hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hemmetaraplaýyn goldawy üçin ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bu kömegiň Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz eýerýändiginiň subutnamasydygy nygtaldy.