17-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky
«Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň
taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi.
Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly
çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit
Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA)
hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy
merkezi, GDA-nyň agza ýurtlarynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşi, dünýäniň iri
maglumat tehnologiýalaryny işläp düzüjileri, şeýle-de Üstaşyr geçirmek boýunça
ählumumy resminamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen oňyn
hyzmatdaşlygynyň netijesidir.
Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň
taslamasyna resmi badalga bermek dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar
Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Onda taraplaryň dürli derejelerde hem-de
Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy
sanly ulgamy döretmek baradaky teklipleri öňe ilerletmek babatda mundan
beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.