17-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynyň “Berkarar” myhmanhanasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň hem-de oňa
gabatlanyp guralan çäreleriň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
«Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» diýen
ugur boýunça forum Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda
Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guraldy.
15-16-njy awgustda utgaşykly görnüşde geçirilen
maslahata onlarça döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň wekilleri
gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu forumy geçirmek başlangyjy Türkmenistan
tarapyndan öňe sürüldi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji
ýylda kabul edilen degişli Kararnamada berkidildi.
Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan
brifinge Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem
Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.