12-nji
maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň
Parlamentara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş
etdi.
Türkmenistan
oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara
bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli
durmuşa geçirmek bilen, parlamentara derejede göni gatnaşyklary ösdürmäge uly
ähmiýet berýär. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary,
umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli sebit we halkara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.
Şu
köptaraplaýyn duşuşyk hem bu maksatlara hyzmat edýär. Foruma gatnaşmak üçin
Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew,
Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytow, Russiýa
Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina
Matwiýenko, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy
Rustam Emomali, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy
Tanzila Narbaýewa Türkmenistana geldiler.