milli goshun logo
Türkmenistanda halkara festiwal geçirilýär
Türkmenistanda halkara festiwal geçirilýär
13.10.2022 909 Habarlar

12-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli döredijilik çäresi köpöwüşginli milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Festiwala daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň sergi önümleri: agaçdan we galaýydan ussatlarça ýasalan önümler, aýnadan taýýarlanan ýazuw önümleri, gelşikli gutujyklar, matadan taýýarlanan we matanyň ýüzüne çekilen özboluşly işler, bezegler, «ebru» usulynda ýerine ýetirilen suratlar amaly-haşam sungatynyň köp sanly janköýerleriniň ünsüni çekdi. Myhmanlar festiwala milli lybaslaryň nusgalaryny, gündogaryň ýurtlary üçin däp bolan kalligrafiýa hem-de daşy elde işlemek sungatynyň eserlerini, çeper işleri, köpdürli sowgatlyk önümleri we taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän halk döredijiligini emele getirýän beýleki önümleri getiripdirler.

Ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan, şeýle-de Eýrandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Koreýa Respublikasyndan, Latwiýadan sergide görkezilýän gymmatlyklar aýratyn reňk öwüşgini, nagyşlarynyň we gölleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýarlar.