milli goshun logo
Türkmenistanda halkara festiwal geçirildi
Türkmenistanda halkara festiwal geçirildi
15.10.2022 307 Habarlar

14-nji oktýabrda Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünyä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň dabaraly ýapylyşy boldy.

Halkara döredijilik forumynyň soňky güni Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen we daşary ýurtly senetçileriň ussatlyk sapaklary bilen başlandy. Bu ýere ýygnanlar görkezilen sungat eserelerine syn etdiler we olary öwrendiler, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerini döretmegiň aýratynlyklary, senediniň inçe syrlary barada gürrüň berdiler.

Göwrümli döredijilik çäresine gatnaşanlaryň ählisine festiwalyň Diplomy gowşuryldy.

Halkara festiwala gatnaşanlar, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Bedimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.