Ýurdumyzda
möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda geçirilen
mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary
welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 25-nji martda girişdiler. Daşoguz
welaýatynyň kärendeçileri bolsa 29-njy martda bu işe başlarlar.
Asylly däbe
görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulularyň ak pata bermeginde girişildi. Beýik
Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, milli Liderimiziň
döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, taýýarlanylan meýdanlara
gowaça tohumlary taşlandy.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýyl gowaça
ekmek üçin 620 müň gektara golaý meýdan taýýarlandy. Bu çözgüt täze dokma
senagaty kärhanalarynyň işe girizilmegi, pagta önümlerine bolan içerki
islegleriň artmagy nazara alnyp kabul edildi.
Gowaça ösdürip
ýetişdirmäge oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan
hususy önüm öndürijiler hem gatnaşýarlar.
Tutuş ýurdumyz boýunça şu ýyl «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirildi. Şol sanda Watan harmanyna Ahal welaýatyndan 280 müň tonna, Balkan welaýatyndan 10 müň tonna, Daşoguz welaýatyndan 275 müň tonna, Lebap welaýatyndan 320 müň tonna, Mary welaýatyndan bolsa 365 müň tonna pagta hasyly tabşyrylar.