milli goshun logo
Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär
Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär
29.10.2022 368 Habarlar

28-nji oktýabrda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy.

Okuw sapagy tamamlanandan soňra, diňleýjilere — hünärmenlere alan nazaryýet bilimlerini tejribede ulanmak mümkinçiligi döredildi. Olar üzüm nahallaryny ekmäge gatnaşdylar. Şeýlelikde, bu ýerde üzümiň «gara kişmiş» görnüşiniň 500-den gowrak düýbünden ybarat üzümçiligiň düýbi tutuldy. Munuň özi açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle giň gerimli okuw sapagynyň ajaýyp jemlenmesi boldy. Bu çäräni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmegi teklip etmek meýilleşdirilýär.