1-nji dekabrda paýtagtymyzda «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Türkmengaz» hem-de «Türkmennebit» döwlet konsernleri guradylar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine gabatlanylyp geçirilýän foruma 32 ýurtdan 220-den gowrak wekil, nebitgaz kompaniýalarynyň 80-siniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenler, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe edaralarynyň, diplomatik we ylmy toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dünýäde halkara saparlaryna girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň wekilleriniň 120-si möhüm meseleler boýunça ara alyp maslahatlaşmalara sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly goşuldy.