Düýn — 15-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz»
myhmanhanasynda «Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan —
Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» («CASCA+»)
halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi öz işine başlady.
Duşuşyk logistik
düzümleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, «CASCA+» ulag
geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi, awtoulag, deňiz, demir ýol we howa ulaglary
bilen ýük daşamalarda ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmek maksady bilen,
gatnaşyjy ýurtlaryň tejribe alyşmagy bilen bagly meselelere bagyşlandy.
«Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üç günlük mejlisiniň dowamynda «CASCA+» ugrunyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen Teswirnama gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.