Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek,
tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek,
şeýle hem «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň
Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda çykaran 2605-nji Kararyny ýerine
ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama
laýyklykda, Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek
dabarasyny geçirmek bellenildi.
Ministrliklere,
pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň
häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylykly
geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.