2-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde BMGÖM-niň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasynda adam hukuklary boýunça 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek boýunça taslamanyň Iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.
Taslamanyň esasy maksady ýurdumyzda adam hukuklary babatda halkara şertnamalaryna laýyklykda hem-de Türkmenistanda 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça adam hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar.
Kabul edilen Iş meýilnamasy adam hukuklary boýunça BMG-niň milli döwürleýin hasabatlaryny taýýarlamak babatda halkara tejribesini öwrenmäge, hereketleriň täze Meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmäge, şeýle hem döwlet işgärleriniň, talyplaryň we ilatyň arasynda adam hukuklary barada habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.