5-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň halkara guramalar bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ýörite maslahat geçirildi.
Duşuşyga ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BSGG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda ilatyň saglygyny goramagyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny taýýarlamaga ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda 2015-nji ýylyň 28-nji awgustynda gol çekilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-niň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň» çäklerinde 2021 — 2025-nji ýyllarda sanjym geçirmek üçin waksinalary we enjamlary satyn almak boýunça hyzmatlary üpjün etmegiň meýilnamasyna» ikitaraplaýyn gol çekmek çäresi boldy.