22.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almakda täze başlangyçlary öňe sürdi
Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almakda täze başlangyçlary öňe sürdi
08.08.2020 276 Habarlar

7-nji awgustda, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçirdi.

COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda, dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmek hem-de olaryň ýetirýän zyýanyny azaltmagyň mümkin bolan ýollary bilen bagly meselä aýratyn üns berildi. 

Ýurtlaryň we halkara guramalarynyň bilelikde alyp barýan işleri öz oňyn netijelerini berýär. Şonuň bilen bir hatarda, heniz COVID — 19 ýokanjyna degişli köp sanly meseleler hem aýdyň bolman galýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz tekliplerini öňe sürýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Men örän ýakyn wagtda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda bu keseli dogry anyklamak üçin, ilkinji nobatda, ýiti öýken sowuklama keseline duçar bolan döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça býurosynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça sebitleýin usulyny döretmek barada oýlanmagy teklip etdi.

Biz degişli ýokanç keselleri bejermegiň beýanyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldawyna bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň düzüminde Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek meselesine seretmek hem maksadalaýyk hasaplanylýar.