Türkmenistanda 27-nji sentýabr Garaşsyzlyk güni
hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan
goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy
bilen Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi.
Häzirki wagtda Türkmenistan 146 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola
goýdy.
Türkmenistan — demokratik, hukuk, dünýewi
döwletdir. Döwlet dolandyryşy Prezident respublikasy görnüşinde alnyp barylýar.
Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Kabul edilen
(2016-njy ýylyň 14-njy sentýabrynda täze redaksiýasy) Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna laýyklykda kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy
döwletiň Esasy Kanuny bolmak bilen, Türkmenistanyň döwlet gurluşy
deňagramlylygy saklap, özbaşdak hereket edýän kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji
we kazyýet häkimiýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar. Konstitusiýada
berkidilen kadalar we namalar göni herekete eýe. Konstitusiýa garşy gelýän
kanunlar we beýleki hukuk namalary ýuridiki güýje eýe däldir.
Halk Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň öz
ygtyýarlygyny ýörediji we ýeke-täk gözbaşy bolup durýar.
Döwlet din we wyždan azatlygyny, olaryň kanun
öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýry bolup, olar
döwlet işine goşulyp, döwlet wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýärler. Döwletiň
bilim ulgamy dini guramalardan bölünendir we dünýewi häsiýete eýedir.
Türkmenistanyň Prezidenti — Türkmenistanyň iň
ýokary wezipeli adamy bolmak bilen, döwlet we ýerine ýetiriji häkimiýetiň
baştutany bolup durýar. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine – Hökümetine
baştutanlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet garaşsyzlygynyň
we bitaraplyk derejesiniň, ýurt bitewiliginiň, Konstitusiýanyň berjaý
edilişiniň we halkara borçlarynyň ýerine ýetirilişiniň kepili hökmünde çykyş
edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy bolup durýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýokary wekilçilikli
edarasy bolmak bilen, kanun çykaryjy häkimiýetini (Parlamenti) amala aşyrýar.
Ol ýerli saýlaw etraplary boýunça 5 (bäş) ýyl möhlet bilen saýlanylan 125
deputatdan ybaratdyr.
Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň
raýatlary tarapyndan ählumumy, deň hem göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses
bermek arkaly we alternatiw esasda amala aşyrylýar.
Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere
degişlidir. Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun
arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir.
MEÝDANY
Türkmenistan– Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň biri
bolup, onuň meýdany boýunça olaryň arasynda ikinji orny eýeleýär, ýagny
Türkmenistanyň tutýan meýdany 491,21 müň km2 deňdir. Onuň günbatardan gündogara
1100 km. we demirgazykdan günorta 650 km. uzaýar. Türkmenistan demirgazykda
Gazagystan Respublikasy, demirgazyk–gündogarda we gündogarda Özbegistan
Respublikasy bilen, günorta-gündogarda Owganystan Yslam Respublikasy bilen,
günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen serhetleşýär. Şeýle hem günbatarda
Hazar deňzi tebigy serhedi bolmak bilen Azerbaýjan Respublikasy bilen hem
serhetleşýär.
ILATY
Türkmenistanyň ilaty 6,2 mln. adamdan gowrakdyr.
Türkmenistan — köp milletli döwletdir. Ýurtda 100-den gowrak milletleriň
wekilleri ýaşaýar.
DÖWLET DILI
Türkmen dili – döwlet dili bolup durýar.
Türkmenistanyň ähli raýatlaryna ene dilini ulanmak hukugy
kepillendirilýär. Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde üç dili – türkmen, iňlis we
rus dillerini öwrenmeklik üpjün edilen. Bulardan başga-da, ýörite orta
mekdeplerinde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde fransuz, hytaý, nemes, ýapon we
beýleki daşary ýurt dilleri öwredilýär.
PUL BIRLIGI
Milli pul birligi 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda
dolanyşyga girizilen manat bolup durýar. Häzirki wagtda milli walýutanyň erkin
konwertirlenýän walýuta bolan gatnaşygy: 3,50 manat = ABŞ-nyň 1 dollary.
«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň
2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» Kabul edildi we üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, maliýe edaralary tarapyndan birnäçe ýyl
bäri Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça uly işler alnyp
barylýar. Häzirki wagtda döwletimiziň ilatyna «Visa»: «Visa Eleсtron», «Visa Сlassiс»
ýaly kart görnüşleriniň hyzmatlary edilýär. Söwda ulgamynda nagt däl
hasaplaşyklary ýola goýmak boýunça halkara töleg ulgamlary, hususan-da, «Master
Сard» boýunça töleg geçirmegi ornaşdyrmak boýunça degişli işler dowam etdirilýär.
ADMINISTRATIW – TERRITORIAL GURLUŞY
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri, ol welaýat
hukukly administratiw-territorial gurluşly birlikdir. Aşgabadyň düzümine dört
etrap — Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag we Büzmeýin etraplary girýär.
Türkmenistanda bäş sany welaýat — Ahal, Balkan,
Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarydyr. Her welaýat etraplara bölünýär.
Türkmenistanda 43 etrap, 6 şäherlerdäki etraplar, 51 şäher, olardan 11-si etrap
hukukly şäher, 62 şäherçe, 605 geňeşlik (oba ýerli düzümler) we 1719 sany oba
ilatly ýerlerdir.
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET WE MILLI BAÝRAMÇYLYKLARY
Şu ählihalk baýramçylyk we hatyra günlerinde
kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:
1) Täze ýyl – 1-nji ýanwar;
2) Halkara zenanlar güni – 8-nji mart;
3) Milli bahar baýramy – 21-22-nji mart;
4) Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni – 18-nji
maý;
5) Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni – 27-nji
sentýabr;
6) Hatyra güni – 6-njy oktýabr;
7) Halkara Bitaraplyk güni – 12-nji dekabr;
8) Gurban baýramy – Gurban baýramynyň anyk senesi
her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär;
9) Oraza baýramy – Oraza baýramynyň anyk
senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen
kesgitlenilýär.
Türkmenistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň
Permany bilen kesgitlenilýän dynç alyş günleri berilmezden (eger olar iş
günlerine gabat gelse) baýramçylyk we hatyra günleri hem
bellenilýär:
1) Watan goragçylarynyň güni – 27-nji ýanwar;
2) Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni –
18-nji fewral;
3) Ulag we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň
güni – 7-nji mart;
4) Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni – 31-nji
mart;
5) Bütindünýä saglyk güni – 7-nji aprel;
6) Türkmenistanyň Migrasiýa edaralarynyň
işgärleriniň güni – 17-nji aprel;
7) Türkmen bedewiniň baýramy – aprel aýynyň soňky
ýekşenbesi;
8) 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda
Ýeňiş güni – 9-njy maý;
9) Aşgabat şäheriniň güni – 25-nji maý;
10) Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň
işgärleriniň güni – 29-njy maý;
11) Türkmen halysynyň baýramy – maý aýynyň soňky
ýekşenbesi;
12) Çagalary goramagyň halkara güni – 1-nji iýun;
13) Bütindünýä welosiped güni – 3-nji iýun;
14) Dokma senagatynyň işgärleriniň güni – iýun
aýynyň birinji ýekşenbesi;
15) Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni –
5-nji iýun;
16) Ylymlar güni – 12-nji iýun;
17) Türkmenistanyň Adalat edaralarynyň
işgärleriniň güni – 18-nji iýun;
18) Türkmenistanyň Prokuratura edaralarynyň
işgärleriniň güni – 26-njy iýun;
19) Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de
Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni – 27-nji iýun;
20) Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň
işgärleriniň güni – 5-nji iýul;
21) Saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärleriniň güni – 21-nji iýul;
22) Serhetçiler güni – 11-nji awgust;
23) Bilimler we talyp ýaşlar güni – 1-nji
sentýabr;
24) Energetika senagatynyň işgärleriniň güni –
sentýabr aýynyň ikinji şenbesi;
25) Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk edaralarynyň
işgärleriniň güni – 30-njy sentýabr;
26) Ýaşulularyň halkara güni – 1-nji oktýabr;
27) Türkmenistanyň Harby-deňiz Güýçleriniň güni –
9-njy oktýabr;
28) Türkmenistanyň Gümrük edaralarynyň
işgärleriniň güni – 4-nji noýabr;
29) Hasyl toýy – noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi;
30) Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň
güni – 14-nji dekabr;
31) Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy Ýatlama güni – 21-nji dekabr.