milli goshun logo
Türkmenistan — Tatarystan Respublikasy: hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistan — Tatarystan Respublikasy: hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
14.08.2020 703 Habarlar

13-nji awgustda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasarynyň senagat we söwda ministriniň arasynda onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösüşini, ony mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri bellediler.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän ähli ugurlar boýunça netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmek barada ylalaşyk gazanyldy.