milli goshun logo
Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
24.09.2019 1779 Habarlar

23-nji sentýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça milli merkez diýen derejäniň berilmegini tassyklaýan güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň güwänamasyny bu guramanyň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy hanym Paulina Karwowska gowşurdy. Dabaraly çärä lukmançylyk edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň düzümine girýän Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça milli merkez diýen derejäniň berilmegi dümewe garşy barlaghana gözegçiligine we ýurdumyzda öňüni alyş çäreleriniň hem-de gözegçiligiň geçirilmegine jogapkärli çemeleşmegiň subutnamasydyr.