19.01.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistan – Russiýa: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk giňeýär
Türkmenistan – Russiýa: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk giňeýär
27.11.2020 161 Habarlar

Daşary işler ministrliginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň onlaýn duşuşygy geçirildi. Şonda türkmen tarapyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow, rus tarapyna bolsa Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk baştutanlyk etdiler. Duşuşyga şeýle hem iki dostlukly ýurduň birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklap, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegini, hususan-da, onuň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrmak, senagat we maliýe-bank ulgamlarynda gatnaşyk etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem geologiýa ulgamynda bilelikde işlemek baradaky meselelere deglip geçildi.